Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy

Milli Liderimiziň türkiýeli işewürler bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy.

Işewür bu kompaniýanyň ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady.Mundan başga-da, Çalyk Holding kompaniýasy tarapyndan gurlan we iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik, energetika desgalarynyň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigi, Hazar deňziniň kenarýakasynda gurulýan elektrik stansiýasynyň bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, ony doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berýändigi bellenildi.

Soňra iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Rönesans Holding kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen hem duşuşdy.

Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda hususy pudak boýunça köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine, onuň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygy, bu kompaniýanyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigi, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlaryndaky ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow türk Liderini sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk” we “Rönesans” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal