Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adynaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Milli miras bedew batly ösüşleriň binýady ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýändigi barada gürrüň berdiler.

Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, milli mirasymyza degişli birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy täzeden dikeldip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Çalsana, bagşy! bäsleşiginde ýaş bagşylaryň, sazandalaryň çeper döredijilik ussatlygyna baha berildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat
Aşgabat parahatçylygyň şäheri
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ HALKARA PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞ IŞINI GOLDAMAKDA HEM-DE BERKITMEKDE BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ ORNY WE ÄHMIÝETI ATLY KARARNAMASYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT
Bagy bossan jennet mekan Aşgabat
Türkmen halysy gözelligiň nusgasy