Milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler

Milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, baýramçylyk konsertinde teatryň aktýorlary estrada aýdymçylarynyň keşplerini ýerine ýetirdiler. Bu bolsa tomaşaçylaryň hem, aktýorlaryň hem göwnünden turdy.

Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew Ýylgyr aýdymy bilen konserti açdy. Tirkeş Mätnazarow bolsa Meniň gyzlarym aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirdi.

Şeýle hem Nurgözel Gurbangeldiýewa we Yhlas Yslamow gülküli sahna bilen çykyş etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar