Haly sungatyna berlen ömür...

Annabibi Yslamowa haly sungatyny dogduk mekany Serdar şäherinde (ozalky Gyzylarbatda) hormat-sarpaly çeper elli halyçy enesidri ejesi öwredipdi. Annabibi eýýäm 10 ýaşynda kiçeňräk halyçlary dokaýardy. 1976-njy ýylda ol Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişşesini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, haly nakgaşy hünärini ele aldy.

Annabibiniň öz el işleriniň ýygyndysyny döretmäge başlanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçdi... Indi ol özboluşly halylaryň we haly önümleriniň 300-den gowragynyň awtory, olaryň bezeglerinde halyçynyň duýgylarydyr pikirleri öz beýanyny tapypdyr. Çeper elli zenanyň şahyrana ýordumlarynda türkmen tebigatynyň gözelligi, milli ýörelgeler we taryh şekillendirilýär.

Ýörelgelr dowamaty Annabibi Yslmamowanyň awtorlyk tilsiminde agdyklyk edýär, muňa onuň ulanýan gadymy gölleri hem şaýatlyk edýär, kärine ussat zenan olary özboluşly işleriniň we haly usulynda dokalan esbaplarynyň bezeginde ýerlikli ulanýar.

Gülünde iň gadymy Pazyryk halysynyň gölleri we milli gymmatlyklaryň ösüşi öz beýanyny tapan işleri özüne maýyl edýär. Onuň awtorlyk çuwallary-da şu usulda dokalypdyr.

Annabibiniň buýsanýan işi 5 inedördül metr ululykdaky supradyr, onuň başyna 18 adam geçip bilýär. Gaýma usulyndaky bu işini ol ýarym ýylda bitirdi.

Eli çeper zenanyň aýtmagyna görä, bu esere Magtymgulynyň Türkmeniň diýen goşgusynyň şu setrileri ruhlandyrypdyr:

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň...

Annabibiniň dokan özboluşly toý suprasy ugurdaş sergilerde ençeme gezek görkezilip, oňa kärdeşleri we bu sungatyň gadyryny bilýänler, şol sanda daşary ýurtlylar hem ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň häzirki gazananlary Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde ýene bir möhüm temalaryň biri. Mysal üçin, zenan torbalarynyň we bagsyz el torbalarynyň ekletiki stilistikada tapgyry döredilipdir. Ussat olaryň arasynda gölüne Awaza Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel manzarlary we gojaman Hazaryň ajaýyp keşbi salnan esbaplary aýratyn belleýär.

Kärine ussat zenanyň elinden çykan düşeklik we diwardan asylýan halylarda, palaslarda, torbalarda, çuwallarda, kaşaň bezelenen halyklarda, gapylyklarda, saçaklarda öňden gelýän ýörelgeler bilen täzeçillikler sazlaşykly utgaşýar, olar daşary ýurtlarda görkezilende hem üstünlik gazanýar.

Annabibi hünär syrlaryny türkmen halkynyň özboluşly sungatyny saklap galmak we wagyz etmek işini dowam edýän okuwçylaryna hem öwredýär. Annabibi Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň baýry mugallymlarynyň biri, ol bu ýerde döredijilik ýokary okuw mekdebi döredileni bäri işläp gelýär.

Halyçy we halypa Annabibi Yslamowanyň köpýyllyk zähmetine hem-de zehinine döwlet tarapyndan ýokary baha berildi. Ol Watana bolan söýgüsi üçin medal bilen sylaglandy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada we Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

Annabibi haly sungatynyň ussady derejesine ýeten şägirtlerine buýsanýar.Olaryň käbiri Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik işgärleriniň arasynda yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy, başgalary çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekip, täze haly göllerini döredýärler ýa-da nesiller üçin gadymy el halylaryny saklap galýarlar, käsi bolsa döredijilik hünärment mekdeplerinde sapak berýär, ýöne olaryň ählisi haly sungatynyň gadymy ýörelgelerine täzelikleri, özboluşly sungatyň sene ýazgysyna üýtgeşik awtorlyk tilsimlerini girizmegi, öz bilimlerini nakgaşlaryň we halyçylaryň täze nesline geçirmegi niýet edinýär.

Annabibi Yslamowa haly sungatyna bagyşlap kitap ýazdy. Duşuşygymyzyň ahyrynda ol misli ýatlamalaryň gymmatly dürlerini sanaýan dek kitap sahypalaryny emaý bilen agdaryp durşuna: Bu kitap meniň milli medeniýete we özboluşly ýörelgelere söýgümi tüýs ýüreginden paýlaşýan adamlara niýetlenen, olary saklap galmak we baýlaşdyrmak biziň möhüm wezipämiz - diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ýedi yklyma ýaýran türkmen halysy
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Annabibi Yslamowanyň döredijiliginde gadymy halyçylyk sungatynyň täze ugurlary
Milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar