Minnihanow türkmen wekiliýetini Tatarystana sapar bilen çagyrdy

Minnihanow türkmen wekiliýetini Tatarystana sapar bilen çagyrdy

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Prezidentiniň adynda hat ýollady. Hatda şeýle ýazylýar:

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, ýakynda Aşgabada bolan saparym mende ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

Siz bilen geçirilen duşuşyklarymyzyň oňyn häsiýeti, özara gyzyklanma bildirilýän ähli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýtmaga esas döredýär.

Gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýetini Respublikamyzyň senagatda, gurluşykda, maşyn gurluşygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda ýeten sepgitleri bilen tanyşmak üçin sapar bilen Tatarystana gelmäge çagyrýaryn.

Saparyň çäklerinde senagat kärhanalaryna, şol sanda KAMAZ-a baryp görmek göz öňünde tutulýar, onuň barşynda türkmen wekiliýeti önümçilik işleriniň guralyşy hem-de tehnikalaryň birnäçe täze nusgasy, şol sanda ýolagçy ulagy, elektrobuslar bilen tanşyp biler.

Bu ulgamda bilelikdäki işler özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmegiň ýene bir geljegi uly ugurlarynyň biri bolar diýip hasap edýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär
Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi hakynda Ylalaşyga goşulmakçy
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutany kabul etdi
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
TÜRKMENISTAN KAZANDA GEÇIRILJEK FORUMA GATNAŞAR
Türkmenistan Kazanda geçiriljek foruma gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady