Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär

Türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, soňky bäş ýylda Russiýa Türkmenistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galdy. Has anyk aýtsak, häzirki wagtda ýyllyk türkmen-rus söwda dolanyşygy 1,6 milliard amerikan dollaryndan geçýär.

Gazprom, Tatneft, Kamaz kompaniýalary, Wozroždeniýa kompaniýalar topary we beýleki iri korporasiýalar türkmen bazarynda üstünlikli işleýär. Sebitara hyzmatdaşlykda-da möhüm öňegidişlikler bar. Russiýanyň Sankt-Peterburg, Tatarystan we Astrahan sebitleri bu ugurda has işjeňdir.

Russiýa Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmäge goşant goşýan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär diýlip, RF-iň Aşgabatdaky ilçihanasynyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 32 ýyllygy mynasybetli paýlaşan metbugat beýanatynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde häzirki wagtda rus ýokary okuw mekdeplerinde 40 müňden gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Dünýäniň energetika kompaniýalary we guramalary OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşarlar
Türkmen konsuly Kazan milli barlag tehniki uniwersitetine baryp gördi