Miras modeller öýüniň web sahypasy açyldy

Golaýda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Miras modeller öýüniň web sahypasy açyldy. Ýurdumyzda öndürilen matalardan dokma önümlerini hödürleýän modeller öýüniň döredilenine şu ýyl 24 ýyl dolýar.

Indi her ýyl Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan sergide Miras modeller öýüniň täze lybaslarynyň tanyşdyrylyşy däbe öwrüldi.Ene-atalarymyzdan şu günlere çenli saklanyp galan baý mirasymyzy gorap saklamagy we olaryň esasynda iň gowy häzirki zaman önümlerini döretmegi maksat edinýän modelleriň öýüniň taýýarlaýan egin-eşiklerinde milli nagyşlara aýratyn üns berilýär.

Aslynda, Modeller öýi Türkmenistan SSR-niň Halk hojalyk geňeşiniň 1961-nji ýylyň 20-nji martyndaky Kararyna laýyklykda guruldy. Şol ýylyň 1-nji iýunyndan işgär sany köpeldilip, önümçilik wezipelerine girişilýär. Şondan soňra Modeller öýüniň alyp barýan işi has hem giňäp, ýokary derejelere ýetýär.

1999-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýi döredilýär. Ol döwlet edarasy bolup, ýurdumyzda egin-eşikleri modelirlemek we taýýarlamak babatda milli, dünýä tejribesini utgaşdyrýar.

Aşgabat Modeller öýünde döwrebap erkek, zenan we çaga egin-eşikleri, şeýle hem aksesuarlary öndürilýär. Häzirki wagtda bu önümlere bolan isleg has artýar. Kärhananyň işleriniň görnüşleri deriden öndürilen egin-eşiklerden, beýleki daşky eşiklerden, kellä geýilýän başgaplardan we ş.m. ybaratdyr. Şeýle hem trikotaž, tüýli deri we bagana önümçiligi ýola goýlan. Bu ýerde sowgatlyk önümler we saçaklar hem taýýarlanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisine TSTP-niň agzalarynyň 210-dan gowragy gatnaşar
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (11-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (11-nji bölüm)
Türkiýe Respublikasyna gitmek üçin wiza resmileşdirmegiň we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş polisiniň bahalary belli boldy, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda hindi tansynyň agşamyny guraýar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady