Mirza Beknazarow Estoniýanyň Narwa Trans topary bilen şertnama baglaşdy

Mirza Beknazarow Estoniýanyň Narwa Trans topary bilen şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň häzirki çempiony Ahalyň we milli ýygyndynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow futbol ýoluny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer. Narwa Trans futbol topary türkmenistanly ýarym goragçy bilen 1+1 ýyl görnüşinde şertnama baglaşdy. Bu barada türkmen futbolçysynyň agenti Gennadiý Hristoforidi habar berdi.

22 ýaşly daşoguzly futbolçy Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji duşuşygyny 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Kuweýt bilen 1:1 hasabynda tamamlanan duşuşykda geçirdi. Beknazarowyň AFK-nyň kubogynda we AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem tejribesini baýlaşdyrandygyny ýatladýarys.

Geçen möwsümiň netijeleri boýunça Mirza Beknazarow Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nusgalyk düzümine hem girizildi.

Mirzanyň täze topary 1979-njy ýylda 13-nji awtobaza atly awtoulag kärhanasynyň düzüminde döredildi. Topar 1979 ― 1989-njy ýyllar aralygynda Awtomobilist, 1989 ― 1991-nji ýyllarda Awtobaza adyny göterdi. 1991-nji ýyldan bäri bolsa Narwa Trans ady bilen çykyş edip gelýär.

Bu topar häzirki wagtda Ida-Wirumaa uýezdine we Narwa şäherine wekilçilik edýän ýeke-täk futbol toparydyr. Topar UEFA-nyň reýtinginde 410-njy orny eýeleýär.

Topar taryhynda iki gezek Estoniýanyň kubogyna (2001, 2019) we iki gezek ýurduň Naýbaşy kubogyna (2007, 2008) mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol çempionatynda Arkadag topary Köpetdag toparyny uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2022: kyn gelen ýeňiş Ahaly ýaryş tertibiniň başyna çykardy
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça syýahatçylyk gezelençlerini döretmegi teklip edýär, Türkmenhowaýollary agentliginiň mekdebinde hünärmenleriň gutardyş dabarasy geçirildi we beýleki habarlar
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy