Kolumbiýaly Katalina Duke “Miss International 2025” gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy. 26 ýaşly ýeňijiniň Medellin şäherindäki EAFIT uniwersitetinde sosial aragatnaşyklar ugrundan ýokary bilimi bar.
Birinji wise-hanym Zimbabweden Ýollanda Çimbarami, ikinji Boliwiýadan Paola Gusman Sançes, üçünji Indoneziýadan Melliza Ksawýera Ýulian we dördünji Filippinlerden Mirna Esguerra.
Ýaponiýada geçirilen “Miss International 2025” bäsleşigine 80 gyz gatnaşdy.
Halkara gözel” bäsleşigi 1960-njy ýyldan bäri geçirilip, Dünýä gözeli, Älem gözeli we Ýer gözeli bilen bir hatarda gözellik bäsleşikleriniň Uly dörtlügine girýär. Bäsleşigiň esasy mazmuny Bütindünýä gözellik baýramçylygy bolup, bu ýerde gatnaşyjylaryň diňe bir daşky keşbine däl, eýsem ahlak häsiýetlerine hem baha berilýär.
