Sankt-Peterburg Halkara Ykdysadyýet forumy başlady

Sankt-Peterburg Halkara Ykdysadyýet forumy başlady

"Russiýanyň Dawosy" hökmünde häsýetlendirilýän Sankt-Peterburg şäherindäki Halkara Ykdysadyýet forumynyň (SPIEF) 27-njisi dünýäniň 130 ýurdundan ýokary derejeli hökümet ýolbaşçylarynyň we kärhanalaryň resmileriniň gatnaşmagynda başlady.

Dünýäniň öňdebaryjy ykdysady forumlaryň arasynda görkezilýän SPIEF 1997-nji ýyldan bäri Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýär.

2022-nji ýylyň fewral aýynda başlan Ukraina uruşyndan ozal Günbatarly syýasatçylaryň we ýokary derejeli ýolbaşçylaryň uly gyzyklanma bildiren forumyň esasy gatnaşyjylary Aziýa, Afrika we Ýakyn Gündogar sebitleriniň resmileri boldy.

Russiýanyň hökümediniň we kärhanalarynyň ýokary derejeli resmileri bilen birlikde 17 müňden gowrak adamyň gatnaşýan forumda dünýäniň 136 ýurdundan wekil bar.

Foruma Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen birlikde Boliwiýanyň prezidenti Luis Arse we Zimbabweniň prezidenti Emmerson Mnangagwa gatnaşar.

SPIEF forumynda Putiniň gün tertibindäki köp sanda meseläniň üstünde durup geçjek, esasy maslahaty bolsa 7-nji iýunda geçiriler.

Russiýa bilen gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda möhüm ykdysady we söwda ylalaşyklarynyň hem gol çekilmegine garaşylýan forum 8-nji iýuna çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Boliwiýanyň DIM-i ýurduň BRIKS-e goşulmagynyň üstünde işlemekçi
Roskosmosda adamzadyň haçan Marsa baryp biljekdigi aýdyldy
Geljegi döretmek forumynyň çäginde türkmen wekiliýeti birnäçe duşuşyk geçirýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda bilim ministrleriniň halkara forumyna gatnaşýar
Zimbabwede Prezident saýlawlary geçiriler