“Mitsubishi” elektroulag öndürer

Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag öndürýän kompaniýalaryň biri bolan “Mitsubishi” bu bazardaky ornuny berkidýär. Ýapon kompaniýasy “Mitsubishi Airtrek” atly ulagynyň ilkinji suratlaryny ýaýratdy.Bu ulag kompaniýanyň dördünji elektrik ulagy hökmünde orun alar.

Häzirki wagtda ýapon brendi “Outlander” hem-de “Eclipse Cross” atly gibrid SUV ulaglaryny öndürýär.Täze awtoulagyň öň tarapy X görnüşinde bolup, örtülen optika laýyk gelýän “Dynamic Shield” dizaýnda ýasaldy.

Düýn öz işine başlan Şanhaý halkara awtoulag sergisinde bu barada jikme-jik maglumat berildi.Täze elektroulagyň GAC (Global Assambleýanyň Keşi) hytaý konserni bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülendigi mälimdir.Kompaniýalar bilelikde täze önüm öndürmegi hem meýilleşdirýärler. “Mitsubishi Airtrek” elektrik awtoulagy şu ýylda ilki bilen Hytaý bazaryna çykarar.

The post “Mitsubishi” elektroulag öndürer appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Awazada halkara sergi we maslahat dowam edýär
Türkmenistanda karbamid önümçiligi
Ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 38 maýa goýum taslamasy hasaba alyndy
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar
Lebap gazturbinaly elektrik stansiýasy aýda 104 million kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürýär