Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar

Ýaponiýanyň MUFG banky kompaniýalaryň ýerlenmedik harytlaryny satyn alar

Ýaponiýanyň Nikkei habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, ýurtdaky iri Mitsubishi UFJ Financial Group (MUFG) banky MUFG Trading diýen at bilen şahamça döretmekçi, ol önüm öndüriji kompaniýalardan ýerlenmedik ýa-da saklamak üçin ýer bolmadyk haryt gorlaryny satyn almakçy.

Bank dürli harytlary — azyk harytlaryndan başlap, ýarymgeçirijilere çenli lomaý satyn alar, olary birnäçe wagt saklap, soňra öňki eýelerine satmak meýilleşdirilýär. Goşmaça ammar ýerler häzirki wagtda öndüriji kompaniýalaryň çykdajylaryny artdyrdy, olar onsuzam hümmetsizlenmeden, ykdysadyýetiň haýallamagyndan we sarp ediş islegleriň pese gaçmagyndan ýitgi çekýärler.

Şunlukda, MUFG satyn alan nyrhy bilen harytlaryň satuwynyň arasyndaky tapawutdan girdeji almak we şol bir wagtda kompaniýalara harytlaryň söwdasynda emele gelen kynçylyklarda ýardam etmek isleýär.

Öň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň ammarlarynda sarp ediş isleginiň peselmegi we dowam edýän logistiki kynçylyklar zerarly, harytlaryň ummasyz möçberde toplanandygy habar berlipdi. Martyň aýagyndaky ýagdaýa görä, 2349 sany öňdebaryjy senagat kompaniýalaryň (Ford, Samsung, Asus, Toyota we beýlekiler) ammarlarynda saklanyp duran harytlaryň umumy bahasy 1,87 trillion ABŞ dollary möçberinde bahalandy, bu soňky on ýylda rekord derejedir.

Ýene degişli makalalar

Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasynda harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk baglaşylar
Ilon Mask Twittere ýolbaşçy boldy
Meta täze işgärleri işe almagy bes edýär
Beýik Britaniýa daşary ýurtly işçileri çekmek üçin wiza talaplaryny gowşadyp biler
Volkswagen 29-njy sentýabrda Porsche-niň IPO-syndan 9,4 mlrd ýewro çenli gazanmak isleýär