Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy

Hytaýyň BYD kompaniýasy satuwlar boýunça Tesladan ozdurdy

Hytaýyň täze ýangyç çeşmelerinde (NEV) isleýän awtoulag öndüriji BYD co. kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda satuwlar babatda Tesla Inc. kompaniýasyndan ozdurdy.

Maglumata görä, kärhananyň ählumumy satuwlary hasabat döwründe dört esseden hem artdy we 641 müň awtoulaga deň boldy diýlip, ady tutulan kompaniýanyň hasabatynda bellenýär. Tesla birinji ýarym ýylda müşderilerine 564 müň elektrik ulagyny satdy.

BYD kompaniýasynyň öndürýän ulag kysymlarynyň köpüsi gibrid görnüşli bolup, olarda däp bolan hereketlendiriji bilen iri batareýa ulanylýar, Hytaýda bolsa, olar nol derejeli zyňyndyly ulaglar hasaplanýar.

BYD kompaniýasynyň tiz ösüşi HHR-nyň dikeldilýän energiýa pudagynda öňdelige dalaş edýändigini görkezýär, bu hytaý bazarynyň uludygyna we ýerli kompaniýalaryň daşamak babatda nyrh artykmaçlygy bilen baglydyr diýip, Financial Times gazeti ýazýar.

Günorta koreý SNE Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, BYD elektrik ulaglar üçin akkumulýatorlaryň öňdebaryjy dünýä kompaniýalarynyň sanawynda LG Energy kompaniýasyndan hem saýlanyp, ikinji orna çykdy. Häzir birinji orunda Contemporary Amperex Technology (CATL) hytaý kompaniýasy durýar. Bu barada interfax.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

“Tesla”-nyň arzan ulag çykarjakdygy baradaky habar hytaý kompaniýalarynyň gymmatyny azaltdy
Elektroulagda Aziýa öňde
Ýewropada öňdeligi eýeleýär
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Hytaýda satylan ulaglaryň 27 göterimi elektrikli
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy