Sian Merkezi Aziýa tiz otlusy işe girizildi

Sian  Merkezi Aziýa tiz otlusy işe girizildi

Habar berşimiz ýaly, 26-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi.Mejlisiň çäklerinde daşary işler ministrleri Hytaý Ýewropa demir ýolunyň Çanan ýörite ýük otlusynyň işe başlamagy mynasybetli dabara gatnaşdylar.

Bu tiz ýük otlusy Hytaýyň Sian şäherinden Merkezi Aziýa ýurtlaryna gatnaw amala aşyrar.Otlynyň 12 günüň dowamynda Daşkent şäherine gelmegine garaşylýar.

Häzirki döwürde Hytaý Ýewropa tiz otly ýoly Ýewraziýa yklymynyň üsti bilen amala aşyrylýan söwdalarda möhüm ähmiýete eýedir.

2022-nji ýylyň ahyryna çenli bu tiz otly ýoly boýunça 65 müň gezek gatnaw ýerine ýetirildi we 300 milliard amerikan dollary möçberinde söwda işleri amala aşyryldy. Bu ýol Ýewraziýa ýurtlarynyň 200-den gowrak şäherini birleşdirýär.

Hytaýyň Bir guşak bir ýol taslamasynyň on ýyllygyna bagyşlanan bu dabaranyň dowamynda Sianda öndürilen 260 BYD New Energy elektrik ulagy hem tanyşdyryldy. Daşary işler ministrleri täze awtoulaglary uly gyzyklanma bilen synagdan geçirdiler. Dabaralara Türkmenistanyň daşary işleri ministriniň orunbasaray W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Hytaý täze gaz geçiriji babatda Türkmenistany Russiýadan ileri tutýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Türkmen talyby Beýik Ýüpek ýolundaky halkara döredijilik we miras forumyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän halkara foruma gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini 70 ýaş doglan güni bilen gutlady
Türkmenistan tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyr, Aşgabatda 9 gatly täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň ilçisini hasaba aldy we beýleki habarlar
“Sinotrans” Hytaý bilen Gazagystany birikdirýän täze TIR ugruny işe girizdi