Moda dünýäsiniň ägirdi aradan çykdy

Moda dünýäsiniň ägirdi aradan çykdy

Italýan modasynyň simwoly, dünýä belli dizaýner Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy. “Walentino gyzyly” atlandyrylan reňk bilen moda görkezilişlerinde at galdyran modaçy Rimde soňky ýoluna ugradylar.

Italýan metbugatyndaky habarlarda Garawaniniň Rimdäki öýünde aradan çykandygy mälim edilýär.

Bu habar eşidilenden soňra syýasat, moda, işewürlik dünýäsiniň ýolbaşçylary we wekilleri gynançlaryny beýan etdiler.

Hökümet Başlygy Jorja Meloni jemgyýetçilik torundaky akkaundynda “Stiliň we nepisligiň jedelsiz ussady we italýan ýokary modasynyň hemişelik simwoly Walentino. Bu gün Italiýa rowaýaty şahsyýetini ýitirdi, emma onuň mirası nesillere ylham bermegini dowam etdirer. Ähli zat üçin minnetdar! diýip ýazdy.

Doly ady Walentino Klement Ludowiko Garawani bolan modaçy Walentino ady bilen tanaldy. Ol 1932-nji ýylyň 11-nji maýynda Pawiýa welaýatynyň Wogera şäherinde dünýä inýär. 1957-nji ýylda öz adyny göterýän moda öýüni gurýar. Ol dünýä belli aktrisalar bilen hem işleşdi.

Italýan modasynyň uly ýitgisi

Geçen ýylyň 4-nji sentýabrynda belli italýan modaçy Jorgio Armani hem 91 ýaşynda aradan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Italýan aşhanasy ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizildi
“Valentino” moda öýiniň esaslandyryjysy Walentino Garawani aradan çykdy
“Romanyň” täze hüjümçileri
Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
16 duşuşyk 48 gol
Rim Italiýanyň paýtagty saýlanýar