Mohseni Ažei: Adam hukuklaryndan hamala arka çykýan ýalançylar, Nurini aklamak bilen ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmaly

Mohseni Ažei: Adam hukuklaryndan hamala arka çykýan ýalançylar, Nurini aklamak bilen ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmaly

Eýranyň kazyýetiniň başlygy, Şwesiýada bir eýran raýatynyň kazyýet işine adalatsyzlyk diýip at berip, adam hukuklaryndan hamala arka çykýan ýalançylar Nurini aklamak bilen ýalňyşlyklarynyň öwezini dolmalydygyny aýtdy.

Eýranyň raýaty Hamid Nuri 2019-njy ýylyň 9-njy noýabrynda Şwesiýa barandan soň bu ýurduň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edildi we 32 aý töweregi türmededir.

Nuri, Şwesiýanyň prokuraturasy tarapyndan 34 ýyl ozal Eýranda bolup geçen wakalara dahyllylykda aýyplandy bu işde aýyplanýanlar esasan terrorçy mynafyklar toparynyň agzalarydyr.

Şwesiýanyň kazyýeti bu terrorçylaryň aýyplamalaryna esaslanyp Nurini ömürlik azatlykdan mahrum etdi.

Eýranyň Kazyýetiniň başlygy Hojjatul-Islam wal-Muslimeen Golamhossein Mohseni Ažei tussag edilmegiň, kazyýet işiniň ýoluny hem-de bu adalatsyz kazyýet işiniň käbir terrorçylaryň, ganhorlaryň, jenaýatçylaryň sözleri bilen Eýranyň raýatyna bildirilýän aýyplamalary ýazgarmak bilen bu eýran raýatyna garşy höküm çykaranlarda haýsydyr bir adalat we ynsap duýgusy bar bolsa, indiki ädimde ýitirilen abraýynyň käbirini dikeltmek üçin ony janlandyrsynlar diýdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň telewideniýesi YHG-niň Aşgabatda geçen sammitine bagyşlanan dokumental filmi görkezdi
Aşgabatda Türkmenistan ― Eýran gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi
Türkmenistanda Eýranologiýa makalany ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerini bellemek
Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde däp bolan maslahat geçirildi
СОСТОЯЛАСЬ НАУЧНАЯ КОНФЕРЕНЦИЯ, ПОСВЯЩЕННАЯ ДНЮ ДИПЛОМАТИЧЕСКИХ РАБОТНИКОВ ТУРКМЕНИСТАНА