Moraweskiý: "Belarussiýada 4 müň Wagner söweşijisi bar" diýdi

Moraweskiý: "Belarussiýada 4 müň Wagner söweşijisi bar" diýdi

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda bilen Polşa-Litwa serhedindäki Suwalki şäherçesinde duşuşyk geçirdi.

Mateuş Moraweskiý geçirilen metbugat ýygnagynda Nauseda bilen Wagner topar bilen bagly mesele barada gepleşikler geçirendigini habar berdi.

Wagner toparynyň örän howpludygyny aýdan Mateuş Moraweskiý: "Bizdäki maglumatlara görä Belarussiýanyň territoriýasynyň çäklerinde takmynan 4 müň Wagner söweşijisi bar we Nausedadan alan maglumatlarymyza görä bolsa şol san has köpüräk" diýip belledi.

Mateuş Moraweskiý Wagneriň barlygynyň Russiýa üçin Polşanyň we ýaranlarynyň reaksiýasyny synagdan geçirmegiň ýollarynyň biridigini beýan etdi.

Rus hususy howpsuzlyk kärhanasy Wagner toparynyň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, ýanyndaky söweşijiler bilen bilelikde iýun aýynda rus hökümetine garşy ýaragly gozgalaň turuzypdy. Gozgalaň Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň başlangyjy esasynda ýatyrylypdy.

Ýewgeniý Prigoziniň Belarussiýa gitmeginden soň Wagneriň ýurda ýerleşmegi babatynda teklip hödürlän Lukaşenko, Belarussiýanyň goşunynyň Wagner toparynyň tejribesinden peýdalanyp biljekdigini beýan edipdi.

Wagneriň esaslandyryjysy Prigožin 19-njy iýulda hakyna tutma söweşijileriň bir böleginiň Belarussiýanyň territoriýasyna geçendigini we Belarussiýanyň goşunyna tälim berýändigini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplar Polşada geçirilen matematika bäsleşiginde 30 medal gazandylar
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
Şweýsariýada ses yrgyldylarynyň energiýasynda işleýän sensor döredildi
ABŞ-da elektron deri döretdiler
Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal