23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güçlendirmegi tabşyrdy, Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýadan Malaýziýany we Wýetnamy birleşdirýän uçuşlary ýola goýar, Türkmenistanda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny barlamaga niýetlenen täze desgalar açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda 1.Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň hem-de obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň gatnaşmagynda geçiren sanly ulgam arkaly iş maslahatynyň dowamynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini güçlendirmegi we ekiş möwsümine taýýarlyk görlüşini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar, gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. 2.

Türkmenistan awiakompaniýasynyň Russiýadaky Baş agentligi Moskwa — Aşgabat — Kuala-Lumpur we Moskwa — Aşgabat — Hoşimin şäherini birleşdirýän uçuşlaryň ýola goýlandygyny habar berdi.Kuala-Lumpur şäherine yzygiderli gatnawlar 15-nji fewraldan, Hoşimin şäherine bolsa 5-nji martdan başlar.

Uçuşlar giň fýuzelýažly Boeing 777 uçarlarynda iki görnüşde biznes we ekonom synplar esasynda amala aşyrylar. 3.Büzmeýin hem-de Ak bugdaý etraplarynyň polisiýa bölümlerinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny barlamaga we hasaba almaga niýetlenen täze desgalar açylyp ulanmaga berildi.

Açylyş dabaralary Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilip, dabaralarda aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.Desgalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. 4.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary Singapuryň Söwda we senagat ministrliginiň wekilleri bilen onlaýn gepleşikleri geçirdiler.

Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryny ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek üçin ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 5.Tokio şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Haýaşiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.Ministr syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginine eýedigini belledi.

Yzygiderli esasda guralýan ýokary derejedäki syýasy dialogyň netijeli özara hyzmatdaşlyk üçin binýat bolup durýandygy nygtaldy. В мире 6.Braziliýaly 21 ýaşly Mateuş Fasiu kellesinde ok bardygyny bilmezden dört günläp gezeninden soň, gudrat bilen aman galdy. 31-nji dekabrda Mateuş Täze ýyl oturylyşygyndady, ol şonda kellesinde güýçli ses eşitdi.

Ol kellesiniň ýokarsynda ýiti agyry duýdy we depesiniň ganaýandygyny gördi. Çärä gatnaşan lukman gan akmagyny duruzmaga kömek etdi.Fasiu kimdir biri oňa daş zyňandyr öýdüp, öz işleri bilen meşgullanmagyny dowam etdirdi. Şeýle-de bolsa, 4-nji ýanwarda Mateuş çep elinde gowşaklyk duýgusy bilen oýandy.

Ol alada galdy we hassahana gitdi.Kompýuter tomografiýasy barlagy Mateuşyň kellesinde okuň galandygyny görkezdi.Lukmanlar okuň beýniniň howpsuz bölegine düşendigini, ýöne geljekde çynlakaý kynçylyklara sebäp bolup biljekdigini düşündirdiler. Şonuň üçin ony aýyrmak zerurdyr. 7.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň iş dolandyryş müdirligi Russiýanyň ýokary döwlet işgärleri üçin 105 sany Lada Vesta awtoulagyny satyn aldy.Munuň özi Prezidentiň döwlet işgärlerine hyzmat edilende rus awtoulaglaryny ileri tutmak baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek ugrunda ilkinji ädimdir.

Ilki bilen, hyzmat möhletini tamamlan ulaglar çalşylar. Şeýle awtoulaglar auksionlarda satylar we olardan alnan girdeji täze awtoulaglary hem-de olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin sarp ediler.Mundan başga-da, ýerli awtoulaglary satyn almak üçin ýörite pul kömegi bölünip berilýär.

Sport habarlary 8.Fewral aýynda Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy topary Parižde geçiriljek halkara Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. 7 erkek we 7 zenan agram derejeleri boýunça geçiriljek ýaryşa 108 ýurtdan 680 türgen gatnaşar. Ýaryşda Türkmenistana 8 dzýudoçy wekilçilik eder. 9.

Täjigistanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilýän futbol boýunça Aziýa kubogynda ilkinji gezek ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykyp, taryhy netije gazandy.Toparçalaýyn tapgyryň soňky oýnunda Täjigistanyň milli ýygyndysy Liwanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. 10.

Milanyň Inter topary yzly-yzyna üçünji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazanyp, Italiýanyň futbolyndaky öňdebaryjylygyny nobatdaky gezek subut etdi. Şu ýyl Saud Arabystanynda geçirilen ýaryşyň final oýnunda Simone Indzaginiň şägirtleri Napoli toparyny ýeňdiler.

Goşmaça wagtyň soňky minutlarynda Lautaro Martines aýgytly pökgini geçirdi.Ikinji ýarym başlamazdan öň 79 ýaşynda aradan çykan Italiýanyň milli ýygyndy toparynyň meşhur bombardiri Luiji Riweniň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy gatnawlarynyň tomusky tertibini çap etdi
6-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Türkmenhowaýollary” täze Boingleri satyn alýar, emma içerki gatnawlary kemeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna gatnawlary açýar
Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň bijeleri çekildi