ms studio fotostudiýasy uçurymlar üçin fotosurat toplumyny hödürleýär

ms studio fotostudiýasy uçurymlar üçin fotosurat toplumyny hödürleýär

Çagalar bagy, mekdep we talyp ýyllary her bir adamyň ömründäki iň gowy we şatlykly döwürdir.

Elbetde, biz hiç haçan çagalykdaky ýaly bolup bilmeris. Emma mekdep ýyllaryna dolanmak üçin käbir serişdeler bar. Mysal üçin, bir fotoalbomda şol ýatda galyjy günleri, synpdaşlaryň we talyp ýoldaşlaryň keşplerini, şeýle hem özüňi şekillendirip bolar.

Uçurym albomlarynyň gyzgyn möwsümi başlamazdan ozal, ms studio fotostudiýasy fotosurat albomy üçin fotosessiýa geçirmek hyzmatyny hödürleýär.

Öňünden geçirilen fotoset surata düşmek üçin birnäçe ýerlerden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu diňe bir çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, okuw gurnaklary we ş.m. ýaly bilim edaralarynyň meýdançalary däl, eýsem, sargyt edijiniň islegine görä, tebigatyň gözel künjekleri, fotostudiýanyň meýdançasy ýa-da başga bir ýer bolup biler.

Mundan başga-da, öňünden fotosessiýa geçirmek egin-eşikler üçin erkinlik döredýär. Gyzlar uzyn agşamky lybaslarynda we ökjeli köwüşlerde, oglanlar bolsa owadan penjekli surata düşüp bilerler. ms studio-nyň hünärine ussat suratçylary uçurymlara surata düşmek üçin birnäçe teklipleri berip bilerler. Şol sanda studiýanyň hünärmenleri dürli görnüşli we reňkli, özboluşly dizaýny we şekili bolan uçurym albomlaryny taýýarlarlar.

Fotostudiýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, döwrebap uçurym fotosuratlary birnäçe ýyl mundan öň uçurymlar üçin alna suratlardan düýpli tapawutlanýarlar. Tehnologiýanyň ösmegi bilen fotosuratlar dünýäsine iň ýönekeý suratlary hem dürli şekiller we ýazgylar ýerleşdirilen owadan topluma öwürmäge mümkinçilik berýän programmalar ornaşdyryldy.

Şeýle hem ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşany bilen amatly fotosessiýa geçirmek hyzmaty hem öz güýjünde galmagyny dowam edýär.

Fotostudiýanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitarap Trkmenistan köç., 108-nji jaý, Joşgun söwda merkezi.

Telefonlar: (+993 65) 80 68 85, 72 6972, (+993 12) 21 82 84.

Elektron poçta: sergei.mirzoev2791@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryndan mejbury pul ýygnalýar
Margarita Moskowskaýany hatyralap : Zemin içre zähmetiňi Watana bagş etmekden belent mertebe ýok...