“MTS-Türkmenistan” öýjükli telefon operatory 16-njy oktýabrda müşderileriniň pullaryny yzyna gaýtaryp berýändigini habar berdi.
“Bölünip berlen radioýygylyk geriminiň we käbir beýleki zerur bolan serişdeleriň ulanylmagy üçin ygtyýarnamanyň hereket edýän möhletiniň uzaldylmagy baradaka haýyşyň ret edilmegi sebäpli 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda müşderilere aragatnaşyk hyzmatyny etmek togtadyldy. Aragatnaşyk hyzmatynyň wagtlaýyn togtadylan döwründe siziň müşderi nomeriňiz, birikdirilen serwisleriňiz we pul serişdeleriňiz şahsy hasaplaryňyzda saklanyp galýar” diýip, kompaniýanyň saýtynda aýdylýar.
2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda müşderiler şahsy hasaplaryndaky ulanylmadyk pul serişdelerini, şeýle-de işe girizlmedik ekspres töleg kartlary üçin pullaryny yzyna almak üçin ýüz tutup bilerler.
Munuň üçin ýurduň raýatlaryna “MTS-TM” HG-nyň aşakda görkezilen adreslerdäki edaralaryna ýüz tutmak gerek. Şahsy hasaplardaky pul serişdeleri tölenen wagynda müşderi nomeri saklanyp galýar we hyzmat etmek mümkinçiligi dikeldilen ýagdaýynda olary gaýtadan ulanyp boljakdygy bellenilýär.
Ulanylmadyk pullaryň yzyna gaýtarylmagy müşderiniň hut özüniň edara gelmegi we pasportyny görekzmegi, şeýle-de üzlüşmek hasabynyň rekwizitlerini/hyzmat edilýän bankyndaky kart hasabyny görkezmegi esasynda (ekspres tölegkartlary yzyna gaýtarylanda olaryň hakyky özi zerur), nagt däl görnüşde olary müşderiniň bank hasabyna ýa-da üzlüşmek hasabyna möçberine çäklendirme girizmezden geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
Müşderilere serişdäniň gaýtarylyp berilmegi MTS-iň ýurduň häkimiýet organlary bilen ýygylyklaryň ulanylmagy baradaky ygtyýarnamany uzaltmak barada ylalaşyga gelip bilmändigini aňladýar.
Ýatladýarys, ygtyýarnamasynyň möhletiniň geçýänligi zerarly, MTS kompaniýasynyň wekilleri eýýäm maý aýynyň ortalarynda ýurduň häkimiýetleri bilen ylalaşygy uzaltmak barada gepleşik geçirdiler.
MTS-iň Türkmenistandaky müşderileriniň sany 1,7 million adama barabar.
Türkmenistanda iýun aýynda “Altyn Asyr” döwlet operatorynyň bazasynda “Aý Nazar” atly täze öýjükli aragatnaşyk operatory döredildi.