Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Müsür Arap Respublikasyny 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin dalaşgär hökmünde görkezmek teklibini makullady. Bu barada Müsüriň Ýaşlar we sport ministri Aşraf Sobhi habar berdi, onuň teswirlerini "Ahbar al-Ýaum" habarlar portaly getirýär diýip, TASS belleýär.

Bu beýanat Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň Kaire sapary mynasybetli guralan resmi kabul edişligiň dowamynda aýdyldy.Bah hem öz gezeginde "Müsüriň sport infrastrukturasynyň 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mümkinçilik berýändigini" belledi. Öň, tomusky Olimpiada Afrikada geçirilmändi.

Kair 2008-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hukuk almak göreşine gatnaşdy, emma finalçy şäherleriň sanawyna goşulyp bilmedi.Oýunlaryň paýtagty hökmünde bolsa Pekin saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy
Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy
Şarm-eş-Şeýhde howa sammiti açyldy
Müsürde howa boýunça sammit dowam edýär
Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi
Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy bilen gutlady