Müsürde faraon Ramzes II heýkeliniň ýetmeýän bölegi tapyldy

Müsürde faraon Ramzes II heýkeliniň ýetmeýän bölegi tapyldy

Müsürde arheologik gazuw-agtaryşlar wagtynda faraon Ramzes II heýkeliniň ýetmeýän bölegi tapyldy diýip, MIR 24 ýazýar.

Gürrüň ýurduň El-Minýa ülkesindäki gadymy Germopol şäheriniň çäginde tapylan Ramzes II heýkeliniň ýokarky bölegi barada barýar diýip, Müsüriň Jahankeşdelik we gadymy gymmatlyklar ministrliginde habar berdiler. Ol 1930-njy ýylda nemes arheology Gýunter Reder tarapyndan tapylan faraonyň heýkeliniň bir bölegidir.

Tapyndy hek daşyndan ýasalyp, beýikligi 3,8 metre deň. Heýkeliň iki bölegi birleşdirilende, beýikligi ýedi metre deň bolar.

Ramzes II Gadymy Müsüriň iň beýik hökümdarlarynyň biri hasaplanýar. Ol 60 ýyldan gowrak wagt ýurdy dolandyrypdyr, onuň döwründe Müsür iri harby ýeňişleri gazanyp, öz çäklerini giňeldipdir.

Ýene degişli makalalar

Müsüre Şweýsariýadan faraon Ramzes II heýkeliniň ogurlanan bölegi getirildi
Musulman ýurtlaryň jahankeşdeleri Russiýany saýlaýarlar
Ysmail Gaspyraly
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
Türkmen işewürleri Buharestde geçiriljek halkara sergä gatnaşarlar