Musulman ýurtlaryň jahankeşdeleri Russiýany saýlaýarlar

Musulman ýurtlaryň jahankeşdeleri Russiýany saýlaýarlar

Musulman ýurtlaryň ýaşaýjylary Russiýa köpçülikleýin syýahat edip başladylar. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurda yslam döwletlerden 1,3 million jahankeşde baryp gördi diýip, Russiýanyň Halkara jahankeşdeligi ösdürmek merkeziniň başlygy Ýuliýa Maksutowa gürrüň berdi.

Ol ýurda, esasan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Müsürden jahankeşdeleriň köp gelýändigini aýtdy, olar Russiýanyň umumy jahankeşdeliginiň 62 göterimini düzýärler.

Yslam dünýäsiniň jahankeşdelik bazary ägirt uly kuwwata eýedir, mysal üçin, 2028-nji ýylda musulman jahankeşdeleriň 230 million sanysynyň halkara syýahatçylygy amala aşyrjakdygy çaklanýar diýip, Maksutowa nygtady.

Bu barada Rambler.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi
Türkmenistanda özbek kinosynyň günleri geçiriler, Aşgabady we Hazary täze şäherara awtobus ugry birleşdirer, Russiýa Türkmenistanyň raýatlary üçin ýokary okuw mekdeplerindäki ýerleriň sanyny artdyryp biler we beýleki habarlar
2023-nji ýylda Russiýa talyp hakly okuwa kabul edilýän türkmenistanly talyplaryň sany iki esse artdyrylar
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Arkadag şäheri boýunça gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady