Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady

Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysy Ýewropanyň açyk kubogyny üç medal bilen tamamlady

Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýaşlar ýygyndysynyň wekilleri Bosnýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk kubogynda üç medal gazandylar. Olaryň biri altyn, ikisi kümüş medaldyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny soňky bir ýylyň içinde örän üstünlikli çykyş edýän Serdar Rahymow gazandy. 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Serdar arzyly altyn medala barýan ýolda italiýaly Ferro Waleriodan, polşaly Kşiştof Klimkewiçden, serbiýaly Marko Loýaniçiçden, ysraýylly Odin Ýuwaldan we rumyniýaly Flawiýa Lungudan üstün çykmagy başardy.

Kümüş medalaryň birini 100 kilograma çenli agram derejesinde Begmyrat Maýanow gazandy. Ol ýaryşyň çärýek finalynda serbiýaly Gal Bertalanigi, ýarym finalda onuň watandaşy Ognen Dýurişiçi ýeňip, altyn medal ugrundaky tutluşykda estoniýaly Ýakob Maresden sähelçe utuk bilen yza galdy.

Şu gezekki ýaryşda hormat münberine dzýudoçy gyzlar hem çykdy. Has takygy, 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Maýsa Perdäýewa serbiýaly Kristina Nisawiçden, polşaly Ýuliýa Bulandadan üstün çykyp we polşaly Kinga Hmelewskiden asgyn gelip, ýaryşy kümüş medal bilen tamamlady.

Iki günläp dowam eden ýaryşa 18 döwletden 268 türgen gatnaşdy. Olaryň 166-sy erkekler, 102-si bolsa zenanlardyr. Türkmenistan ýaryşa 13 türgen bilen wekilçilik etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany