Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda 66 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşyp, kümüş medala mynasyp boldy.

Wekilçilik edýän agram derejesiniň D düşekçesinde ýaryşan Serdar bu düşekçedäki 9 türgeniň arasynda birinji bolup, ýaryşyň final tapgyryna çykmaga hukuk gazandy. Aýgytlaýjy tapgyra çenli üç tutluşyk geçiren türkmenistanly dzýudoçy olarda kanadaly Ýuliýen Fraskadoreden, ispaniýaly Ýuliýen Toro Solerden we Beýik Britaniýaly Aleksandr Şortdan üstün çykdy.

Serdar Rahymowyň final tapgyryndaky ilkinji garşydaşy C düşekçäniň ýeňijisi ― italiýaly türgen Luka Kajan boldy. Bu gezek hem garşydaşyndan üstün çykan türkmen türgeni arzyly altyn medal ugrundaky tutluşykda Beýik Britaniýaly Çarli Ýongdan ýeňilip, hormat münberiniň ikinji basgançagyndan orun aldy.

Bu ýeňiş 19 ýaşly dzýudoçynyň ilkinji halkara üstünligi däldir. Geçen ýylyň awgust aýynda Türkiýede geçirilen Yslam raýdaşlygy oýunlarynda hem ilkinji bäşlige girmegi başaran dzýudoçy şu ýylyň 27-nji ýanwarynda Portugaliýa Gran-prisinde hem bu üstünligini gaýtalady. Henize çenli 702 utuk toplap bilen Serdar öz agram derejesinde dünýä reýtinginde 65-nji orny eýeleýär.

Ýeri gelende aýtsak, Ýewropanyň açyk çempionatyna Türkmenistandan 16 türgen gatnaşdy. Olaryň 11-si erkekler, galan 5-si zenanlar ýygyndymyzyň wekilleridir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar
Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar Tokio Gran-prisine gatnaşarlar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi