Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar

Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar

Türkmenistanyň dzýudo boýunça milli ýygyndysy Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşar. 25-nji maýda başlanjak halkara ýaryşa 75 döwletden 483 türgen gatnaşar.

Ýaryş Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyrlarynyň biridir. Tutluşyklarda toplanyljak utuklar türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiligini artdyrar.

Halkara ýaryşa Türkmenistanda 7 türgen gatnaşar. Aýbek Omirow (-60 kg), Hekim Agamämmedow, Serdar Rahymow (ikisi-de 66 kg-e çenli agramda) we Parahat Nazarow (-73 kg), Gurbanaý Gurbanowa (-48 kg), Maýsa Pardaýewa (-57 kg) hem-de Zulhumar Daşgynowadyr (-63 kg).

Linz şäherinde boljak türkmen wekiliýetiniň düzüminde tälimçi, lukman we topar ýolbaşçysy bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi
Türkmenistanly dzýudoçylar Tokio Gran-prisine gatnaşarlar
Serdar Rahymow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmen dzýudoçylary Zagrebdäki halkara Gran-pri bäsleşigine gatnaşarlar
Türkmenistanyň dzýudo ýygyndysy dünýäniň täzelenen reýtingindäki ýerini bildi