Müsüriň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Müsüriň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar

Müsüriň Daşary işler ministri Same Şukri şu gün Türkiyä sapar gurar.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Müsüriň Daşary işler ministri Same Şukriniň güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerden soň raýdaşlyk görkezmek we duýgudaşlyk bildirmek maksady bilen 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkiyä sapar gurar" diýip habar berildi.

Müsüriň Daşary işler ministri Same Şukriniň Adana we Müsüre degişli ynsanperwer kömek gämisiniň geljek Mersin portyna baryp görmegi, şeýle hem Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

Müsüriň Daşary işler ministrligi hem Türkiyä we Siriýa guraljak saparlaryň maksadynyň ýer titremelerden soň iki ýurt we doganlyk halklary bilen raýdaşlygy görkezmekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi