Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy

Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy

Bäş günlük syýahatçylyk saparyna ugran Sea Story gämisi Gyzyl deňziň Müsüriň kenar ýakasynda gark bolup, diňe az sanly adamy halas etmek başartdy. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan INTERFAX.RU ýazýar.

Habarda gäminiň 24-nji noýabrda Port-Galib kurortynyň portundan çykyp, 29-njy noýabrda Hurgada gaýdyp gelmelidigi, onda 31 sany daýwer-jahankeşdäniň we ekipažyň 14 agzasynyň bolandygy bellenýär. Duşenbe güni irden halas edijilere gäminiň Marsa-Alam kurortyndan demirgazykda betbagtçylyk duýduryşyny ýollandygy, şondan soňra onuň bilen aragatnaşygyň kesilendigi belli boldy.

Gyzyl deňiz ülkesiniň gubernatory Amr Hanafi gözleg işleri netijesinde deňizde birnäçe adamyň halas edilip, hassahana ýerleşdirilendigini habar berdi. Gözleg işleri dowam edýär. Halas bolanlaryň we dereksiz ýitenleriň sany belli däl.

Gämidäki jahankeşdeler dürli milletleriň wekilleri eken.

Ýene degişli makalalar

Daily Mail: 66 ýaşly zenan syýahat gämisinden suwa böküp, ýitirim boldy
Ermenistanda Partlama Boldy
Dekabrda Dragon Oil Hazaryň türkmen bölegindäki 19-njy bloguň ilkinji guýusynda gözleg işlerine başlar
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Indoneziýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy