Mugallymçylyk instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär

Mugallymçylyk instituty mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça olimpiada geçirýär. Bu barada Türkmen gündogary gazeti habar berdi.

Bäsleşige ýurduň orta mekdepleriniň 7 ― 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler. Iki tapgyrdan ybarat bäsleşigiň birinji tapgyry 7-8-nji noýabrda geçirildi.Onda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylary 19 ― 20-nji noýabrda geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik Türkmenistanda umumy bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamyna innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň orta mekdeplerinde okuwçylaryň arasynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda mugallymçylyk ugrundan okamak üçin aşgabatlylara we arkadaglylara stipendiýaly ýer artdyryldy - çeşme
Tükmenistanda 'dedowşina' diňe goşunda däl, studentleriň arasynda hem ýaýraýar
Türkmen adalatçysy adam hukuklary babatynda 'möhüm meseleleri' agzaman, talyplar bilen duşuşdy
Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna mejbury abuna ýazylyşyk möwsümi batlandy
Mugallymçylyk institutynda ýaş alymlaryň arasynda ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI