Türkmen adalatçysy adam hukuklary babatynda 'möhüm meseleleri' agzaman, talyplar bilen duşuşdy

Türkmen adalatçysy adam hukuklary babatynda 'möhüm meseleleri' agzaman, talyplar bilen duşuşdy

Türkmenistanyň adalatçysy 23-nji aprelde ýurduň iri ýokary okuw jaýlarynyň birine sapar edip, ynsan hukuklarynyň ýurtdaky ýagdaýy boýunça “möhüm duşuşyk” geçirdi. Talyplar bu ýygnaga mejbury çekildi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen ýygnanyşykda türkmen adalatçysy Ýazdursun Garajaýewa adam hukuklary babatynda Türkmenistan bilen iri halkara guramalarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyklar barada hem gürrüň edipdir.

“Ýygnagyň dowamynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde adam hukuklaryny goraýjy milli edaralaryň orny barada gürrüň edildi” diýip, çeşmeler aýdýar.

Ýöne duşuşyga mejbury çekilen talyplaryň birnäçesi bu ýygnakda Türkmenistanda adam hukuklarynyň hakyky ýagdaýy bilen bagly meseleleriň gozgalmandygyny, bu çäräniň hem “nobatdaky mejbury çäreleriň biri bolandygyny” aýdýarlar.

“Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda edilen çykyşlar barada, Birleşen Milletler Guramasy bilen arada ýola goýlan gatnaşyklar barada hakykaty suratlandyrmaýan, zalda oturan adamlary gyzyklandyrmaýan zatlar barada gürrüň edildi” diýip, bir gatnaşyjy aýdýar.

“Ýazdursun näme sebäpden instituta gelip, bu gürrüňleri etdi, muňa düşünen adam bolmady. Ýöne käbir talyplar bu edilýän çykyşlaryň diňe BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň gözüne çöp atmaga’ niýetlenendigini aýtdylar” diýip, beýleki bir talyp gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýyllarboýy adam hukuklaryny basgylamakda tankyt edilýär. Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary bu ýurtda, hususan-da, söz, pikir, beýan, metbugat, din-wyždan we hereket azatlygy ýaly esasy azatlyklaryň basgylanýandygyny aýdýarlar.

Ýurtda 2016-njy ýylda tassyklanan we şol döwürlerde demokratik dolandyryşa biraz hem bolsa ymtylyş hökmünde kabul edilen täze Konstitusiýa Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ýörite edaranyň esaslandyrylmagyny zerur hasaplady.

Adalatçy özüniň kanunda kesgitlenen wezipelerine laýyklykda ýurtda adam hukuklaryna degişli döwlet kepillikleriniň berjaý edilmegine esewan işlerini öz üstüne alýar.

Onuň wezipesi, kanuna laýyklykda, ozal bu ugurda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär diýlip, resmi habarlarda aýdyldy.

Ýöne ynsan hukuklaryny yzygiderli basgylamakda tankyt edilýän ýurtda raýatlar bu edarany öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

Adalatçynyň edarasy adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça her ýylda ýyllyk hasabatlary çap edip başlady. Ýöne şeýle hasabatlarda döwlet syýasaty wagyz edildi, ýurtda gazanylandygy aýdylýan durmuş-ykdysady ösüşler magtaldy.

Synçylar hasabatlarda ulanylýan sözleriň Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň propaganda äheňine çalym edýändigini aýtdylar.

“Dünýä nirede, biz nirede!?” diýip, ynsan hukuklarynyň dünýädäki ýagdaýyndan habarly bir türkmenabatly aýdýar.

“Adamlar hatda ynsan hukuklaryny goraýan hökümete garaşly bolmadyk guramalaryň bolup bilýändigini hem göz öňüne getirip bilmeýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Mugallymçylyk institutynda geçirilen duşuşyk iki sagat töweregi dowam edipdir. Ýygnaga gatnaşanlar bu duşuşygyň içgysgynç bolandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, çeşmeler duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda hökümete degişli bolmadyk ynsan hukuklaryny goraýjy guramalaryň bellige alnyp alynmandygy barada hiç hili maglumatyň agzalmazlygyny özleriniň geň görendiklerini aýdýarlar.

“Adalatçy öz çykyşyndan soňra, sowal-jogaba-da wagt tapman, derhal zaly terk etdi” diýip, çeşmeler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanda Işewürlik-Adalatçysy edarasynyň döredilmegi meýilleşdirilýär
Türkmen Ombudsmeniniň nobatdaky hasabaty çap edildi, adam hukuklary babatyndaky milli plan henizem köpçülige görkezilmedi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistan dini ynanjy sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran ýene bäş ýigide höküm çykardy
Adam hukuklaryny goraýjy gurama Türkmenistanda Ýehowa şaýatlarynyň yzarlanmagy barada türkmen ombudsmenine Açyk hat ýollady