Adam hukuklaryna bagyşlanan maslahat geçirildi

Şu gün 19-njy maýda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň milli merkeziniň binasynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanypdy.

Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň we Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G. Mämmedowa alyp baran maslahatynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa we beýlekiler çykyş etdiler.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Weýgand hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon Makgregor öz çykyşlarynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň möhüm resminama bolup durýandygyny, bu meýilnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti we degişli edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny bellediler.

Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini, nobatdaky 5 ýyllyk meýilnamanyň halk köpçüligine tanyşdyrylmagyna bagyşlanan bu dabaranyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl
Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Ukraina finala çykdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi