Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi

Türkmenistanyň ÝHHG-ä agzalygynyň 30 ýyllygy iri maslahat bilen bellenildi

7-nji iýulda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow guramanyň üç ölçegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we garaýyşlaryny beýan etdi. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid wideoýüzlenmesinde: "Munuň özi ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk sepgitlerini bellemäge we geljegine seretmäge amatly pursatdyr" diýip belledi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Jon MakGregor: "ÝHHG bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk soňky üç onýyllykda uzak ýol geçdi, ýöne Türkmenistanyň we ÝHHG-niň ähli sebiti üçin peýdaly gepleşiklerimizi dowam etdirmek we berkitmek üçin uly mümkinçilikler bardyr" diýip, aýdylanlaryň üstüni ýetirdi.

Maslahatyň plenar mejlislerinde howpsuzlyk, ekstremizme we transmilli howplara garşy göreş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, gender deňligi, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuzlygy ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Türkmenistany ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady
Türkmenistan we ÝHHG-nyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi
TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR
Ukraina finala çykdy
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi