Mugallymlar institutynyň studentlerine sosial ulgamlara girmek we ABŞ-nyň “Ýaşyl kard” lotereýasyna gatnaşmak gadagan edilýär

Mugallymlar institutynyň studentlerine sosial ulgamlara girmek we ABŞ-nyň “Ýaşyl kard” lotereýasyna gatnaşmak gadagan edilýär

8-nji noýabrda Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymlar institutynyň ýygnak zalynda studentleriň ahlak taýdan özüni alyp baryşy barasynda umumy ýygnak geçirildi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Bu ýygnaga Institutyň ýolbaşçylaryndan başgada, şäher häkiminiň orunbasary, welaýatyň bilim edarasynyň başlygynyň orunbasary we prokuraturanyň wekili gatnaşdy.

Institutyň rektory G.Muhammedowyň öz çykyşynda aýtmagyna görä, soňky döwürde üç sany student tertip-düzgüni bozup, türkmen studenti adyna ysnat getirdiler. Polisiýa iki student gyzy jelepçilik edendigi we bir erkek studenti ogurlyk edendigi üçin tutdy.

Prokuraturanyň wekili çet ýurtlardaky internet-neşirleriniň we sosial ulgamlarynyň ýaşlara oňaýsyz täsir edýändigini tekrarlady.Ol studentlere sosial ulgamlary we VPN ulanmazlygy, jübi telefonlaryny okuwa getirmezligi we umumy ýaşaýyş jaýlarynda galdyrmagy aýtdy.

Institutyň aýal-gyzlar Birleşigi bölüminiň başlygy bolan zenan student gyzlaryň her alty aýdan zenan lukmana görünmegini we dekanata saglyk güwänamasyny tabşyrmagyny teklip etdi.

Şeýlede köpsanly studentiň BŞ-yň “Green Card” loteraýasy üçin arzalary doldurýandygyna alada bildirildi.

“Men siziň araňyzdan kimdir biriniň şol arzalary doldurandygynyň ýa-da başga ýollar bilen daşary ýurtlara gitmek isleýändiginiň üsti açylsa,olaryň institutdan çykaryljakdygyny duýdurýaryn” diýip rektor Muhammedow jemleýji sözünde aýtdy.

Mundan owal “Azatlyk” radiosy Türkmen döwlet medeniýet uniwersitetiniň mugallymlaryndan VPN, Instegram we Facebook ulanmagy gadagan edýän ýazmaça hat alynandygyny habar beripdi. Şeýlede olara ýurtda ýeke-täk elýeterli bolan messenjer IMO ulanmak hem gadagan edildi.

The post Mugallymlar institutynyň studentlerine sosial ulgamlara girmek we ABŞ-nyň “Ýaşyl kard” lotereýasyna gatnaşmak gadagan edilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Ýaponiýada balyk teňňeleri telewizor önümçiliginde ulanylar
Toyota täzelenen Highlander krossowerini tanyşdyrdy
Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
BMG-nyň Howpsyzlyk Geňeşi, Ukraina-Russiýa Krizisini Ara Alyp Maslahatlaşar