Mun Çže In Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny gutlady

Mun Çže In Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygyny gutlady

Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In türkmen Lideriniň adyna Gutlag hatyny ýollady.

Ýeri gelende bellesek, türkmen-koreý diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 5 — 7-nji noýabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 11 — 14-nji aprelindäki Koreýa Respublikasyna döwlet saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi. Şunuň bilen birlikde Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň 2014-nji we 2019-njy ýyllarda biziň ýurdumyza döwlet saparlary guraldy.

Ýene degişli makalalar

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýada geçirilen halkara lukmançylyk forumyna gatnaşdy
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi
Türkmen ilçisi Koreýa Respublikasynyň işgärleri dolandyryş ministri bilen duşuşdy
Ýurdumyzyň sungat ussatlary Ýewraziýa medeniýet festiwalyna gatnaşar
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary I halkara Ýewraziýa medeniýet festiwalyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy