Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi

Şu gün, 14-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, alymlar, döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli we netijeli ösdürilýändigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan suratlaryň, şahyryň şygyrlarynyň ýygyndylarynyň, türkmen milli egin-eşikleriniň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary sergide aýratyn orun eýelediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby sergä gatnaşanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti 17-nji Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy
Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi