Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň rezidensiýasynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço The Ýol tarapyndan Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileri üçin guralan resmi agşamlyk nahary boldy.

Oňa Türkmenistanyň Ilçisi B.Durdyýew hem gatnaşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Guralan giňişleýin pikir alyşmalaryň esasy temasy şu ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy formatyndaky birinji Sammite taýýarlyk görmegiň amaly meseleleri boldy.

Duşuşygyň dowamynda Koreýanyň DIM-niň ýolbaşçysy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş dinamikasyny belledi.Ol geljekki sentýabr Sammitiniň sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilendigine ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça Türkmenistanyň Ilçisi döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtady.Haryt dolanyşygynyň durnukly ösmegi we esasy ugurlar boýunça amaly özara hereketleriň giňelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Taraplar iki halkyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertleri hökmünde akademiki alyşmalary işjeňleşdirmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge we Türkmenistanda koreý dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi koreý tarapynyň geljekki Sammitiň ýokary guramaçylyk we mazmun derejesini üpjün etmekde hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň munuň üçin ähli zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Günorta Koreýa, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçar dartgynlygy sebäpli ABŞ-na nägilelik bildirdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi