Türkmenistan “Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy” sammitiniň taýýarlyk mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan “Merkezi Aziýa  Koreýa Respublikasy” sammitiniň taýýarlyk mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow sişenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen "Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy" birinji sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriň ikinji maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.

Maslahata Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Taraplar sammitiň taýýarlyk işleriniň barşyna garadylar hem-de jemleýji resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem söwda-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar ilkinji “Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk işlerini utgaşdyrmagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu formatdaky ýokary wezipeli wekilleriň birinji maslahaty 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Seul şäherinde geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
ABŞ bilen Hytaý Seulda söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy