Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Yý-He Sesiliýa Çang ýolbaşçylyk etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar çalt depginler bilen ösýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Şeýle hem iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň we saparlaryň, şeýle-de daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.

Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi, parlamentara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we şertnama-hukuk binýadynyň berkidilmegi bilen bagly giň möçberli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda energetika, senagat gurluşygy, gämi gurluşygy, suw hojalygy, ulag we infrastruktura, şeýle hem daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça utgaşdyrylan hereketleriň zerurlygyny belläp geçip, taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň hem-de Bilelikdäki türkmen-koreý işewürler geňeşiniň ornuny aýratyn bellediler.

Taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.Ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
MAR-yň häzirki Prezidenti F.A.Tuadera täze möhlete gaýtadan saýlandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
2026-njy ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 52 ugur
Taýlandyň polisiýasy: Otlynyň üstüne kranyň gaçmagy netijesinde azyndan 22 adam ýogaldy
Dünýäde iň köp ulag hereketli ýollary bolan şäherler