Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Seul şäherinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, koreý tarapyna bolsa Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu ýolbaşçylyk etdi.Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, konsullyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri babatda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň möhümdigini bellediler. Şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar konsullyk meseleleriniň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda geçirilen Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy
Günorta Koreýa, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky uçar dartgynlygy sebäpli ABŞ-na nägilelik bildirdi
Seulda 2026-njy ýylyň şygaryna we Türkmenistananyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
Köp gatnawly howa ugurlary
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi