Nadalyň 85-nji çempionlygy

Meksikanyň Akapulko şäherinde geçirilen tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal, zenanlardan britaniýaly Hezer Watson çempion boldy.Nadal finalda amerikaly Teýlor Fritsden 6:3 we 6:2 hasaplar bilen üstün çykmagy başardy.

Bu ýeňiş onuň 23-nji gezek geçirilen “Meksika Açyk” bäsleşigindäki 3-nji, karýerasy boýunça-da 85-nji çempionlygydyr. 33 ýaşly Nadal Jimmi Konnorsdan (109), Rojer Federerden (103) hem-de Iwan Lendlden (94) soň, iň köp çempionlyk gazanan 4-nji erkek tennisçidir.Britaniýaly Hezer Watson finalda kanadaly Leýla Fernandesi 2:1 (6:4, 6:7, 6:1) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 27 ýaşly Watson WTA-nyň ýaryşlarynda 4-nji gezek çempion diýen ady eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Muguruzanyň ilkinji çempionlygy
10.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Berdimuhamedow TOPH-y ätiýaçlandyrmakçy bolýar
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Bedewler hakynda surata düşürilen dünýä belli filmleriň hatarynda ýatlanmaga has mynasyplary hökmünde şulary agzamak bolar: