Bedewler hakynda surata düşürilen dünýä belli filmleriň hatarynda ýatlanmaga has mynasyplary hökmünde şulary agzamak bolar:

“FAWORIT” (SEABISCUIT) Režissýor Gari Rossuň surata düşüren bu filminde Tobi Maguaýr, Jeff Brijjes, Kris Kuper, Elizabet Banks ýaly artistler esasy keşpleri janlandyrdy. 2003-nji ýylyň önümi bolan film üçin 90 million dollar çykdajy edildi.

Onuň prokatdan gazanany bolsa 150 million dollardan geçdi. 193040-njy ýyllaryň kynçylykly döwründe amerikalylaryň milli buýsanjyna öwrülen Sibiskuit atly at baradaky bu film Oskar baýraklarynyň 7 ugry boýunça dalaşgärlige hödürlendi. 40-a golaý ýaryşda ýeňiş gazanan bu at 1938-nji ýylda “ýylyň aty” saýlanypdy.

Bukmeýkerleriň bellemegine görä, Sibiskuit şol wagtyň görkezijisi bilen 500 müň dollara golaý pul gazandyrypdyr.Sibiskuit 4 ýaşar atlaryň arasynda 4 gezek rekord goýupdyr.

“ATLYLAR” (WSADNIKI) Režissýor Wadim Kostromenkonyň 1972-nji ýylda surata düşüren “Atlylar” filmini bilmeýänler az-az bolsa gerek.Ikinji Jahan urşy ýyllarynda bolup geçen wakalar barada söhbet açýan film tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy.

Wasiliý Reşetnikowyň ssenarisi esasynda surata düşürilen 2 bölümli çeper filmde Wladimir Ýaçminskiý, Anatoliý Barçuk, Petr Lýubeşkin, Aleksandr Lebedew ýaly öz döwrüniň meşhur artistleri dürli keşpleri janlandyrypdy.

“ÇEMPION” (SECRETARIAT) Filmde ESPN sport teleýaýlymy tarapyndan düzülen XX asyryň 100 sportçusy sanawyna girmegi başaran Sekretariat atynyň gazanan başarnyklary barada gürrüň berilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu sanawdaky 300 türgeniň diňe üçüsi adam däl. Şol üçüň biri-de Sekretariat aty bolup, onuň goýan rekordlaryny entekler owsarlamak başardanok.

Režissýor Rendall Wolles tarapyndan 2010-njy ýylda surata düşürilen filmde Daýana Leýn, Jon Malkowiç, Amanda Miçalka ýaly Golliwudyň tanymal artistleri çykyş etdi.Film özüne sarp edilen çykdajynyň öwezini 2 esse diýen ýaly ödäp, prodýuserine gaýtardy.

“IDALGO” (HIDALGO) “Ýüzükleriň hökümdary” filmleriniň ýyldyzy, Golliwudyň norwegiýaly aktýory Wiggo Mortenseniň surata düşen bu filmi üçin 100 million dollarlyk çykdajy edildi. 2004-nji ýylda Jou Jonston tarapyndan surata düşürilen film belli amerikan çapyksuwary Frank Hopkins we onuň edermen aty Idalgo barada gürrüň berýär.

Idalgo 1891-nji ýyldaky çylşyrymly we kyn bäsleşikden baş alyp çykmagy başarýar.At bu gowgaly, kynçylykly ýaryşda eýesini ençeme howpdan goraýar, halas edýär.

“ZENAN ÇAPYKSUWAR” (RIDE LIKE A GIRL) Geçen ýyl ekranlaşdyrylan bu filmde dünýäniň iň uly atçapyşygy ýaryşlarynyň biri bolan Melburn Kubogynda ýeňiş gazanan ýeke-täk zenan çapyksuwar barada gürrüň berilýär. 2015-nji ýylda Melburn Kubogynda ýeňiş gazanan Mişelle Peýn baradaky filmi Riçard Griffit ssurata düşürdi.

Peýniň keşbinde belli aktrisa Tereza Palmer çykyş etdi.Iki sagatlap dowam edýän kino muşdaklaryň uly söýgüsini gazandy.

“SÖWEŞ ATY” (WAR HORSE) Kino sungatynyň meşhur režissýorlaryndan Stiwen Spilbergiň “Söweş aty” filminde Birinji Jahan urşunda gahrymançylyk görkezen ýaş oglan we onuň aty hakynda söhbet açylýar.Kino sungatynyň iň uly baýragy bolan Oskara 6 ugur boýunça dalaşgär görkezilen kino 2011-nji ýylda surata düşürildi.

Film prokatdan 180 million dollar töweregi girdeji gazandy.Kinoda esasy keşpleri Jeremi Irwin, Emili Watson, Piter Mullan, Nils Arestrup, Dewid Tewlis ýaly artistler janlandyrdy.

“ÄHLI OWADAN ATLAR” (ALL THE PRETTY HORSES) Ady agzalan bu filmde Golliwudyň 2 ussat artisti owadan aktrisa Penelope Kruz bilen tanymal aktýor Mett Demon surata düşdi. 2000-nji ýylda ekrana çykarylan filme Billi Bob Tornton režissýorlyk etdi. Filmdäki wakalar Meksikada we ABŞ-nyň Tehas ştatynda bolup geçýär. Atbakarlaryň durmuşyndan söhbet açýan film birnäçe baýrak gazanypdy.

Şu kinolardan başga-da “Black Beauty” filmleriniň 5 nusgasyny, 3 bölümden ybarat “Flicka” kinosyny, “Sylvester” (1985) we “Tangled” (2010) animasiýalaryny, “Misty” (1961), “The Derby” (1895), “Buck” (2011), “Dreamer” (2005), “The Horse Whisperer” (1998) kinolaryny mysal getirip bileris. Sanawy ýene-de uzaltmak bolar.

Ýene degişli makalalar

Täze kinolar
10 milliard dollara ýetdi
Boliwiýa soňky 50 ýyldaky iň güýçli ýagyşlary başdan geçirdi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä gynanç ýüzlenmeleri gelip gowuşýar
Dünýä liderleri Türkiyä gynanç bildirýärler
Çawuşogly Guterriş we Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy