10 milliard dollara ýetdi

Ussat režissýor Stiwen Spilberg soňky kinosy “Taýyn bol, birinji oýunçy” (Ready Player One) bilen täze rekord goýdy. 71 ýaşyndaky režissýor prokatdan iň köp girdeji gazanan režissýordyr.Onuň şu wagta çenli režissýorlyk eden kinolarynyň prokatlardan toplany 10 milliard dollardan geçdi.

Ol muny başaran ilkinji režissýordyr.Spilbergiň 1993-nji ýyldaky “Ýura eýýamynyň seýilgähi” filmi onuň iň girdejileri kinosydyr.Köpleriň söýgüsini gazanan film prokatdan 1 millard dollar toplapdy. Şeýle-de 2008-nji ýyldaky “Indiana Jones 4” kinosy 786 million dollar, 1982-nji ekranlaşdyran “Başga planetaly” (E.T.

the Extra-Terrestrial) ylmy-fantastik filmi-de 717 million dollar gazanypdy. Ýeri gelende aýtsak, režissýoryň soňky kinosy “Taýyn bol, birinji oýunçy” hem girdejisini ýarym milliard dollara golaýlatdy.Spilberg häzirki güne çenli “Münih” (Munich), “Dünýäler söweşi” (War of the Worlds), “Söweş aty” (War Horse), “Terminal” (The Terminal), “Esger Raýany halas etmek” (Saving Private Ryan) ýaly birnäçe baýrakly we kino muşdaklarynyň uly gyzyklanma bildiren filmlerini surata düşürdi.Sanawda Spilbergden soň, 2-nji hatarda “Ýüzükleriň hökümdary” (The Lord of the Rings) we “Hobbit” (Hobbit) üçlemeleriniň režissýory, Täze zelandiýaly Piter Jekson barýar.

Onuň ekran eserleri 6,5 milliard dollar girdeji gazanypdyr. 3-nji ýeri “Bezzat oglanlar” (Bad Boys) hem-de “Transformerler” (Transformers) kinolar toplumynyň režissýory Maýkl Beý eýeleýär.Onuň surata alan filmleri prokatdan 6,4 milliard dollar ýygnady. “Awatar” (Avatar) bilen “Titanik” (Titanic) ýaly iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda öňdäki 2 orny eýeleýän kinolaryň režissýory Jeýms Kameron bu sanawda 4-nji basgançakda barýar.

Geljekki “Awatar” filmlerini-de göz öňünde tutsak, onuň öňdäki orunlara, belki-de 1-nji basgançaga-da beýgelmegi mümkin. “Terminator” kinolaryny-da ekranlaşdyran Jeýms Kameronyň filmleri 6,2 milliard dollara golaý girdeji gazandy. “Harri Potter” filmleriniň soňky bölümleriniň režissýory, angliýaly Dewid Ýeýtes 5-nji (5,3 milliard $), “Gara rysar” (The Drak Knight) we “Başlangyç” (Inception) ýaly kinolaryň awtory Kristofer Nolan 6-njy (4,8 4 mlrd. $), “Gelejege dolanyş” (Back to the Future) kinosy bilen adygan Robert Zemekis 7-nji (4,2 mlrd. $), özboluşly başdan geçirme filmleriň režissýory Tim Berton 8-nji (4 mlrd. $), “Öýde ýeke özi” (Home Alone) we “Harri Potteriň” 12-nji kinosyny surata düşüren Kris Kolumbs 9-njy (4 mlrd. $) hem-de “Marsly” (The Martian), “Prometeý” (Prometheus), “Jennet şalygy” (Kingdom of Heaven), “Gladiator” (Gladiator) ýaly ilhalar filmleriň režissýory Ridleý Skott 10-njy (3,9 mlrd. $) ýerde barýar.

Taýýarlan Amangül AMANÝAZOWA,TDY we DI-niň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bedewler hakynda surata düşürilen dünýä belli filmleriň hatarynda ýatlanmaga has mynasyplary hökmünde şulary agzamak bolar:
Meşhur aktwist barada täze film
Ilkinji ýeňşi
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Hamiltonyň 85-nji ýeňşi
Ilkinji ýaryşda Bottas ýeňiş gazandy