Nadalyň yzly-yzyna 2-nji çempionlygy

“Kanada Açyk” “Masters” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal, zenanlardan kanadaly Bianka Wanessa Andreesku ýeňiş gazandy.Has ýörgünli ady “Rojers” kubogy bolan ýaryşyň erkekler tapgyry Monreal, Kwebek, zenanlar tapgyry Toronto, Ontario şäherlerinde geçirilýär.Erkekleriň arasynda 139-njy sapar guralan ýaryşyň finalynda Rafael Nadal bilen russiýaly Daniýl Medwedew duşuşdy. 1 sagat 10 minutda tamamlanan finalda Nadal 6:3 we 6:0 hasaplar bilen Medwedewi ýeňlişe sezewar etdi.

Nadal bu ýaryşda yzly-yzyna 2-nji, umumylykda-da 4-nji gezek ýeňiji boldy.Bu onuň ATP-däki 81-nji kubogydyr.

50 ýylda ilkinji gezekZenanlaryň arasynda 128-nji gezek geçirilen ýaryşyň finalynda ýer eýesi Bianka Wanessa Andreesku bilen amerikaly Serena Williams duşuşdy.Oýnuň 1-nji setinde kanadaly tennisçi 3:1 öňde barýarka, Serena Williams şikesi sebäpli duşuşykdan çekilendigini mälim etdi. Şunlukda, 19 ýaşyndaky Andreesku karýerasyndaky 2-nji WTA çempionlygyny gazandy.

Ol şu ýylky “Indian Wells” tennis ýaryşynda-da ýeňiji bolupdy. Ýaş tennisçi soňky 50 ýylda “Rojers” kubogynda çempionlyk gazanan ilkinji kanadaly tennisçi boldy.

Ýene degişli makalalar

Serena 33-nji gezek finalda
“Uly tuwulga” gazanan ilkinji kanadaly tennisçi
Möwsümi Barti jemledi
Ilkinji gezek geçirilýän ýaryşyň ilkinji çempionlary
Milisanyň ikinji altyn medaly
Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy