Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy

Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy

Awstraliýaly tennisçi Eşli Barti (WTA-nyň reýtinginde birinji) Maýamide geçirilen abraýly halkara ýaryşda ýeňiji boldy diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

Ýaryşda awstraliýaly çempiona WTA-nyň reýtinginde 9-njy orunda durýan kanadaly türgen Bianka Andreýesku garşy çykdy.Barti birinji setde 6:3 hasabynda üstün geldi, ýöne duşuşygy ahyryna çenli tamamlap bilmedi.

Sebäbi Andreýesku dört geým utulyp, ýaryşdan aýryldy. Şeýlelikde, awstraliýaly türgen öz onunjy, Maýamide bolsa ikinji titulyny gazandy. Ýaryş bir sagatdan gowrak dowam etdi.Ondan öň, ýaryşda Barti 1/4 finalda Arina Sobolenkony (8), 1/8 finalda bolsa Wiktoriýa Azarenkany ýaryşdan çykardy.

Maýamide geçirilen WTA 1000 bäsleşiginiň baýrak pullary jemi 3,2 million dollardan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümi Barti jemledi
Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy
Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi
Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
“Wimbledonyň” taryhynda ilkinji gezek