Ikinji ýüzlüge-de başlady

Tennis boýunça “Maýami Açyk Masters” ýaryşynda erkekleriň arasynda Rojer Federer ýeňiş gazandy.Ol finalda amerikaly tennisçi Jon Iznerden 6:1, 6:4 hasaplarda üstün çykyp, bu ýaryşdaky 4-nji kubogyny asmana galdyrdy.

Umumylykda 28-nji “Masters” kubogyny alan Federer ATP-niň ýaryşlaryndaky 101-nji çempionlygyny baýram etdi.Federer şu möwsümde geçiren 16 duşuşygynyň diňe birinde ýeňlipdi. “Maýami Açykda” zenanlaryň arasynda awstraliýaly Eşli Barti ýeňiji bolup, ol finalda çehiýaly Karolina Plişkowadan 7:6 we 6:3 hasaplar bilen üstün çykdy.

Bu onuň karýerasyndaky 4-nji ýeňşidir.Jübütleýin görnüşinde erkekleriň arasynda amerikaly tennisçi doganlar Bob we Maýk Braýanlar “Maýami Açykdaky” 6-njy çempionlygyny gazandy.Zenanlaryň arasynda-da belgiýaly Elize Mertens bilen belarusly Aryna Sobolenko çempion bolmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy
Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy
Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi
Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy
Möwsümi Barti jemledi
TENNIS TÄZELIKLERI