Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy

Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy

Belarusly tennisçi Arina Sobolenko (dünýä reýtinginde 7-nji) Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Belarusuň birinji raketkasy rus garşydaşy Anastasiýa Pawlýuçenkowa garşy duşuşyga ynamly başlady (41-nji) we garşydaşyna hiç hili mümkinçilik galdyrman, 6:2, 6:3 hasabynda ýeňiş bilen tamamlady.Duşuşyk bir sagatdan gowrak dowam etdi.

Final duşuşygynda Sobolenko dünýäniň ilkinji raketkasy - awstraliýaly tennis ussady Eşli Barti bilen göreşer. Ýeri gelende aýtsak, garşydaşlar Ştutgartda geçirilen ýaryşyň finalynda eýýäm duşuşdylar.Onda awstraliýaly tennisçi üstün çykypdy.

Sobolenko eýýäm dünýä reýtinginde bäşinji orny - karýerasyndaky iň gowy netijäni kepillendirdi.Eger-de finalda ýeňiş gazansa, Arina dördünji setire geçer. 2,5 million ýewrodan gowrak baýrakly ýaryş 8-nji maýda şenbe güni tamamlanar.

Ýene degişli makalalar

Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy
Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy
Rolan Garros: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy