Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy

Gazagystanly tennisçi Awstraliýa Açyk ýaryşynyň finalyna çykdy

Tennis boýunça ýylyň birinji uly tuwulgasy bolan Awstraliýa Açyk bäsleşiginde zenanlaryň arasyndaky finalçylar belli boldy.Has takygy, ýarym finalda belarusly Wiktoriýa Azarenkony 7:6, 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar eden gazagystanly Ýelena Rybakina hem-de finalyň bosagasynda polşaly Magda Linetti 7:6, 6:2 hasabynda ýeňen belarusly Arina Sobolenko baş baýrak üçin özara güýç synanyşarlar. Ýeri gelende bellesek, bu final tennisçileriň ikisi üçin hem Awstraliýa Açyk ýaryşyndaky ilkinji finaldyr.

Maglumat üçin, Awstraliýa Açyk ýaryşynyň netijerine görä, belarusly Arina Sobolenko dünýäniň ikinji raketkasyna öwrüler. Ol ýaryşdan ozal reýtingiň bäşinji basgançagyny eýeläp durdy. Häzirki wagtda dünýä reýtinginiň 25-nji basgançagynda barýan ikinji finalçy Rybakina bolsa karýerasynda ilkinji gezek top-10-luga girer.

Awstraliýa Açyk bäsleşiginiň zenanlaryň arasyndaky final oýny 28-nji ýanwarda geçiriler. Umumy baýrak gaznasy 51 million amerikan dollaryndan gowrak bolan ýaryşyň zenanlaryň arasyndaky geçen ýylky çempiony awstraliýaly Eşli Barti bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ikinji ýüzlüge-de başlady
Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy
Sobolenko Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň finalyna çykdy
Arina Sobolenko - Madriddäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary