Zwerew Rublewden üstün çykdy

Tennis boýunça ABŞ-nyň Sinsinnati şäherinde geçirilen “Western & Southern Open” ýaryşynyň finalynda erkekleriň arasynda germaniýaly Aleksander Zwerew bilen russiýaly Andreý Rublew duşuşdy.Möwsümiň 7-nji “ATP Masters” ýaryşy bolan bu bäsleşigiň finalynda Zwerew 6:2 we 6:3 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.

Erkekleriň arasynda 120-nji gezek geçirilen we umumy baýrak gaznasy 3 028 140 dollara deň bolan ýaryşda ilkinji sapar çempionl boldy.Bu onuň karýerasyndaky 17-nji ATP çempionlygydyr.

Şeýle-de, zenanlaryň arasyndaky finalda awstraliýaly Eşli Barti bilen şweýsariýaly Jil Taýhmann duşuşdy. Duşuşykda Barti 6:3 we 6:1 hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi. Bu onuň WTA-nyň bäsleşiklerindäki 13-nji çempionlygydyr. Sinsinnattidäki bu bäsleşik zenanlaryň arasynda 93-nji gezek geçirilip, onuň umumy baýrak gaznasy 2 114 989 dollara deňdir.

Erkekleriň arasyndaky jübütleýin bäsleşikde ispaniýaly Marsel Granollers bilen argentinaly Horasio Zeballos, zenanlaryň arasynda awstraliýaly Samanta Stosur bilen Çžen Şuai ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

Tennisiň öňdebaryjylary täzelener
Tokiodan medalsyz gaýtdy
Sportuň taryhynda bu hepde
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Nadal rekordy öz adyna geçirdi
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy