Tokiodan medalsyz gaýtdy

Tokioda dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryny serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç medalsyz tamamlady.Möwsümdäki ilkinji 3 Uly tuwulgada çempion bolup, Golden Grand Slam gazanmak ugrunda uly mümkinçilige eýe bolan Jokowiç ýekeleýin ýaryşyň ýarym finalynda germaniýaly Aleksander Zwerewden asgyn geldi.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda-da Jokowiç ispaniýaly Pablo Karreno Bustandan utuldy (6:4, 6:7, 6:3).Tokio 2020-ä altyn medal üçin gelen Jokowiç partnýory Nina Stoýanowiç ikisi garyşyk jübütlerde-de ýarym finalda russiýaly tennisçilerden (Ý.

Wesnina, A.Karasew) ýeňildi.Garyşyk jübütleriň bürünç medal duşuşygynda-da ol partnýory bilen awstraliýaly Eşli Barti hem-de Jon Pirsden utuldy.

Ýene degişli makalalar

Tennisiň öňdebaryjylary täzelener
Zwerew Rublewden üstün çykdy
Ikinji ýüzlüge-de başlady
Nadal rekordy öz adyna geçirdi
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy
Tennis täzelikleri