Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy

“Ýaponiýa Açyk” tennis ýaryşynda serbiýaly Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy.Ol finalda awstraliýaly Jon Millmandan 6:3 we 6:2 hasaplar bilen üstün çykdy.Bu onuň 2 million dollarlyk umumy baýrak gaznasy bolan “Ýaponiýa Açykdaky” ilkinji çempionlygydyr. Şeýlelikde, Jokowiç karýerasyndaky 76-njy ATP kubogyny gazandy.Pekinde geçirilen “Hytaý Açyk” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda awstriýaly Dominik Tiem ýeňiji boldy. 26 ýaşyndaky Tim finalda gresiýaly Stefanos Sisipasy 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji setde 6:3 utulan Tim 23-nji setlerde degişlilikde 6:4 we 6:1 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.

Tim ATP ýaryşlarynda 15-nji kubogyny asmana göterdi.“Hytaý Açykda” zenanlaryň arasynda finalda ýaponiýaly Naomi Osaka bilen awstraliýaly Eşli Barti duşuşdy. 3 setde tamamlanan oýunda Osaka 1-nji setde asgyn gelse-de (3:6), soňky 2 setde 6:3 we 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.

Bu ýeňiş 21 ýaşyndaky Osakanyň karýerasy boýunça 7-nji WTA çempionlygydyr.

Ýene degişli makalalar

Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Möwsümi Barti jemledi
Dünýäde iň köp girdeji gazanýan zenan türgenleriň sanawy düzüldi
Polşaly tennisçi Swýontek yzly-yzyna üçünji ýaryşy utdy
Ýyldyzlaryň finaly:Jokowiç — Nadal
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy